Ählumumy ekologik howpsuzlyga goşant

6 Maý 2022
1326

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlary ählumumy derejede giň goldawa eýe bolup, olaryň durmuşa geçirilmegi parahatçylygyň we durnuklylygyň täze ölçegini emele getirdi. Şunda ekologiýa diplomatiýasy ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde çykyş edýär. Aşgabat şäherine Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi bolsa ýurdumyzda daşky gurşawy goramak hem-de ekologik howpsuzlygyň institusional esaslaryny berkitmek babatda alnyp barylýan işlere aýratyn gyzyklanma bildirilýändigini tassyklaýar.

XX asyryň ortalaryndan bäri has derwaýys häsiýete eýe bolan tebigaty goramak we ekologiýa bilen bagly meseleler häzirki zaman halkara syýasatynyň strategik gün tertibinde ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly ählumumy başlangyjy 2019-njy ýylda howanyň üýtgemegi boýunça geçirilen sammitde ýola goýlup, onuň esasy maksady şäherlerde amatly ekologik gurşawy emele getirmekden ybaratdyr. Şunda Aşgabat şäheriniň tebigaty goramak ugurly abraýly güwänama eýe bolmagyny şertlendiren binýatlaýyn tagallalar barada aýratyn durup geçmegi maksadalaýyk hasaplaýarys.

Nurmuhammet ŞIHLYÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory.