Hoşallyk maslahaty

4 Maý 2022
1283

Bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyzyň beýik ösüşleri ýurdumyzyň taryhy sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutany wezipesine girişen gününden başlap, bagy-bossanlyga öwrülen ajaýyp Diýarymyzyň her bir güni hoş habarlara, şatlykly wakalara beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrylan ajaýyp ýylymyzyň aprel aýynyň 22-sine Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan uly goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň gelip gowşandygy baradaky hoş habar mynasybetli, ýaňy-ýakynda TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Medeniýet öýünde hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata harby ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary, serkerdeleri we harby talyplary gatnaşdylar. Hoşallyk maslahaty örän guramaçylykly ýagdaýda geçirildi we onda çykyş eden harby gullukçylar ýurdumyzda durnukly ösüşi gazanmak üçin öňde goýlan maksatlara ýetmekde göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmakda möhüm işleriň esasylaryny, dünýäde at-abraýa, şan-şöhrata eýe bolýan ýurdumyzyň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de bioköpdürlüligi üpjün etmäge aýratyn üns berilýändigi barada giňden belläp geçdiler.

Elbetde, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda Milli tokaý maksatnamasynda tokaýçylygy ösdürmek meselesine, ylmy taýdan çemeleşmek, oňa häzirki ylymlary ornaşdyrmak wezipesi esasy orunda durýar. Şular ýaly dünýä nusgalyk işlerimiziň, hoş habarlaryň dowamatynyň dowam bolmagyny arzuw edýäris!

Toýmyrat GÖKJÄÝEW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyby.