Daşky gurşawyň goragy — döwrüň derwaýyslygy

3 Maý 2022
1514

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çuň mazmunly çykyşlarynda: «Howanyň üýtgemeginiň, senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna ýaramaz täsirini peseltmegiň, daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini azaltmagyň üstünde işlemek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolar» diýip belleýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady tutulan ekologiýa syýasatynyň mundan beýläk-de rowaçlyk tapjakdygynyň, ilatyň saglygynyň hem-de ýaşaýyş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagynyň güwäsi bolmak bilen, ýurduň durnukly ösüşiniň hatyrasyna ýerine ýetiriljek ägirt işleriň dabaralanmasy bolup ýaň saldy.

Ösen ykdysadyýetiň şertlerinde ýurdumyzyň gözel tebigatyny goramak, «ýaşyl ykdysadyýetiň» gerimini giňeltmek we mümkinçiliklerini kämilleşdirmek döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolmagynda galýar. Daşky gurşawy goramakda, durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalaryna ýardam bermek Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň örän möhüm bölegidir. Ekologiýa howpsuzlygyny gazanmak çäreleri bu gün ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmeginiň täze şertine, tutuş halk hojalygynyň tebigatdan peýdalanmagyň täze nusgasyna geçmegi üçin binýada öwrülýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde: «Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen, tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär» diýlip bellenmegi aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.

Aşyrdurdy ALLAÝEW,
TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.