Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň maý aýynyň 2-8-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

2 Maý 2022
1364

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-10-dan 10-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +14...+16°-dan +18...+20° aralygynda maýyl, gündizlerine +20...+22°-dan +28...+30° aralygynda maýyl bolar.

Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +13...+15°-dan +17...+19° aralygynda maýyl, gündizlerine +19...+21°-dan +27...+29° aralygynda maýyl bolar.