Dünýä nusgalyk beýik ýörelge

27 Aprel 2022
1280

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ýurdumyzyň ösüş ýoluny şan-şöhrata beslemek biziň el-ele berip, birek-birege düşünip, ähli gujur-gaýratymyzy bir ýere jemläp, halal zähmet çekip gazanjak ýeňişlerimize baglydyr» diýýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de bioköpdürlüligi üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Şu ýylyň martynda Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen ählihalk bag etmek dabarasy Türkmenistanyň ekologiýa ulgamynda öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 22-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek dabaralary arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamasy gelip gowuşdy. Munuň özi ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky tagallalarynyň halkara derejede ykrar edilýändigine şaýatlyk edýän ýene-de bir üstünlikdir.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan Watanymyz BMG bilen bilelikde Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen maksatnamalary, taslamalary üstünlikli amala aşyrýar. Bu hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hem ekologiýa howpsuzlygynyň ýokary derejesini üpjün etmek bolup durýar. Bu köpugurly, toplumlaýyn işde şäher we oba ýerlerini tokaý zolaklaryna öwürmek aýratyn möhümdir. Türkmenistan bu ugurda Milli tokaý maksatnamasynyň ýurt derejesindäki işini ulgamlaýyn esasda alyp barýar.

«Esger».