Beýik işlere badalga

26 Aprel 2022
1351

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyz uly taryhy wakalara beslenýär. Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan parasatly syýasaty ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdan, ykdysadyýetimizi ösdürmekden we halkara gatnaşyklarymyzy has-da kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler dünýä jemgyýetçiliginiň hem ünsüni özüne çekýär. Eziz Diýarymyzda bag ekmek dabaralary geçirilip, ekologiýa abadançylygy üpjün edilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu hoş habar ähli ildeşlerimizi buýsandyrdy.

Arzygül GYLYJOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.