Durmuş dowamlylygynyň özeni

26 Aprel 2022
1074

Bag, ösümlik dünýäsi barada söz açylanda, ilkinji nobatda, daş-töweregimizi gülzarlyga büräp, onuň ynsanlara berýän ruhy lezzeti hakydaňa gelýär. Belki-de, döredijilikde hem ylham gönezliginiň başlangyjy tebigatyň aýrylmaz bölegi bolan ösümlik dünýäsidir. Ösümlik bilen bezelen baýyrlyklar, derelerdir düzlükler ýaşaýşa bolan söýgiňi, joşgunyňy artdyrýar.

Halkymyzda pederlerimizden bize miras galan sogaply işleriň biri-de, bag ekmek, agaç oturtmak, töweregimizi bagy-bossanlyga öwürmek işidir. Bu umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer çäräniň döwlet derejesinde ýola goýulmagynda Gahryman Arkadagymyzyň bize görkezen nusgawy ýörelgesi halkymyz tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolup, üstünlikli dowam etdirilýär. Ýylyň ýaz we güýz paslynda geçirilýän bag ekişlik dabarasyna ýurdumyzyň ähli künjeginde ildeşlerimiz agzybirlikde, uly höwes bilen gatnaşýarlar. Şu ýylyň 20-nji martynda Arkadagly Serdarymyzyň döwlet Baştutany wezipesine girişmegi bilen, ilkinji döwletli işi sahawatly çärä — köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşmak boldy. Bu dabaranyň berekediň baýramy bolan Halkara Nowruz gününe gabat gelmeginde hem özboluşly many bar. şu ýylyň ýazky bag ekmek dabarasyna ilkinji agaç nahalyny oturdyp, Arkadagly Serdarymyzyň beýik işlere badalga bermegi dünýä ýüzünde nusgalyk göreldä eýe boldy. Şunlukda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänama berildi. Bu buýsançly halkymyzda, aýratyn-da, ýaş nesillerimizde daşky gurşawa, tebigata bolan söýgini artdyrýar, ekologiýa medeniýetini kemala getirmekde uly ähmiýete eýe bolýar.

Çarygeldi BABANYÝAZOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.