Gül-gülüstan Aşgabat

20 Aprel 2022
1186

Şu günler paýtagtymyzyň ýyladyşhanalarynyň bagbanlary ak şäherimiziň gözelligini artdyrmak, gür bagy-bossanlyga büremek babatda uly işleri alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Ekologiýa abadançylygy üpjün etmek, geljek nesillerimiz üçin ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak hem-de biologik dürlüligini artdyrmak, tebigy serişdelerimizi netijeli, durnukly peýdalanmak, şeýle hem bereketli topragymyzy gülläp ösýän mekana öwürmek boýunça giň gerimli işler geçiriler» diýen paýhasly sözlerinden ruhlanyp, şu günler golaýlap gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramçylygyna uludan taýýarlyk görülýär.

Mähriban paýtagtymyzyň köçeleri, şaýollary, seýilgähleri özüniň göze ýakymly döwrebap keşbi, bahar paslynyň dowam edýän günlerinde aýratyn gözelligi bilen her bir ynsanyň kalbyny joşdurýar. Paýtagtymyzda dürli täsin gülleri ýetişdirýän ýyladyşhanalaryň 4-si hereket edýär. Ol ýerde zähmet çekýän ynsanlar biri-birleri bilen tejribe alşyp, maslahatlaşyp, öz işlerini sazlaşykly alyp barýarlar. Olar ýurdumyzda geçirilýän döwlet derejesindäki toý-dabaralarda şäherimizi güller we baglar bilen bezeýärler.

Güljahan ŞAHBERDIÝEWA,
«Aşgabat».