Ekologiýa — döwrüň wajyp meselesi

13 Aprel 2022
1325

Güneşli Diýarymyzyň ekologiýa abadançylygyny goramak, tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly garamak, howany arassa saklamak, baglary, gülleri, dürli ösümlikleri köpeltmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň meýdanyny köpeltmek, olary gorap saklamak maksady bilen, «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» kabul edildi. Bu maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda köp sanly işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde, täze tokaý zolaklary döredilip, seýilgähler, medeni-durmuş, dynç alyş maksatly  merkezler  yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär.

Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda  ýazky we güýzki  bag ekmek möwsümlerini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Onda köp sanly miweli, pürli we saýaly agaç nahallary oturdylyp, ozal bar bolanlaryna ideg edilýär. Şeýle-de ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady  bilen, oýlanyşykly içeri we daşary syýasat alnyp barylýar. Şunlukda, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalaryna goşulyp, durnukly ösüş boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşýar. Döwletimiz bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa maksatnamasy ýaly abraýly halkara we sebit guramalar bilen hyzmatdaşlyk alyp barýar hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen teklipleri yzygiderli öňe sürýär.

Raziýa ANNAMUHAMMEDOWA.