Ekosaglyk — sap ösüş

4 Aprel 2022
1323

Adamyň şähtiniň açyk, ruhunyň belent bolmagy, sagdyn ýaşamagynyň baş şertidir. Saglyk diňe bir fiziki, ýagny beden taýdan taplanmak bolman, eýsem, adamynyň tebigatdan, ýaşaýyş-durmuşdan hem netijeli ruhy lezzet almagydyr. Aňyň, akyl-paýhasyň yzygiderli ösmegi bilen ýaşaýyş ýeňilleşýär. Ynsanyň bilesigelijiligi esasynda islegleriniň artmagy bilen birlikde, tebigata aýawly çemeleşmegine, bar bolan gymmatlygyň ýitmek howpunyň öňüni almagyna, asyl durkunyň saklanyp galmagyna hyzmat edýär. Şeýle-de olaryň ählisiniň-de ynsanyň saglygyna, onuň bähbitlerini gönükdirilendir.

Ýer ýüzüniň ähli lukmanlary tarapyndan näsaglara berilýän maslahatlaryň aglabasy günüň dowamynda howanyň salkyn wagty pyýada ýa-da welosipedli ýöriş etmek bilen baglydyr. Aýratyn-da bahar paslynda gözelliklerinden ylham alyp, welosipedli ýa-da pyýada gezelenç etmeklik, kükregiňi hoştap howadan doldurmaklyk islendik adamyny ruhy argynlykdan saplap, saglyga oňyn täsirini ýetirýändigi nygtalýar. Asyrlarboýy netijeli görkezijileri esasynda synagdan geçip gelýän bu ýörelge, ynsan saglygynyň tebigat bilen aýrylmaz baglydygyny görkezýär.

«Türkmen dünýäsi».