Baglar – zeminiň öýkeni

4 Aprel 2022
1176

«7/24.tm», № 14 (97), 04.04.2022.

 Ýaňy-ýaňylara çenli zemindäki agaçlaryň görnüşleriniň giňişleýin ýazgysy edilmändi. Diňe 2017-nji ýylyň aprelinde baglaryň ähli görnüşleriniň ýazgysy, olaryň ylmy taýdan atlandyrylyşy we dünýä ýüzüne ýaýraýyş aýratynlyklary baradaky syn halka ýetirildi. Şonuň ýaly-da, bu maglumatlaryň «Global Tree Search» diýip atlandyrylan onlaýn bazasy döredildi. Onda dünýädäki ähli agaçlar baradaky giňişleýin maglumatlar ýerleşdirildi. Ony taýýarlamaga gatnaşan alymlar muzeýlerden, botanika baglaryndan, oba hojalyk merkezlerinden we beýleki çeşmelerden maglumatlary çöplemek bilen häzirki wagtda dünýäde agaçlaryň 60065 görnüşi bar diýen netijä geldiler. Şonda diňe Dominikan Respublikasynda duş gelýän, diňe hekli toprakda ösýän «Abarema abbotti» agajyndan başlap, Hytaýdyr Gyrgyzystandan başga ýerde duşmaýan, seýrek, doly öwrenilmedik «Zygophyllum kaschgaricum» görnüşine çenli hasaba alyndy.