Daşky gurşawyň abadançylygy ugrunda

4 Aprel 2022
1227

Tebigat we onuň eçilýän peşgeşleri adamzadyň gündelik ýaşaýyş-durmuş zerurlyklaryny we möhüm bähbitlerini kanagatlandyrmakda ilkinji çeşme bolup hyzmat edýär. Arassa, amatly daşky gurşaw ynsan bedeniniň sagdynlygy, zehininiň we durmuşynyň kämilleşmegi, ömür dowamlylygynyň uzalmagy üçin esasy mümkinçilikleri berýär. Şu jähetden, türkmen halkynda has irki döwürlerde tebigatyň öz kanunyna kybap gelýän tazylaryň, elguşlaryň awy bilen kanagatlanylyp, töwerek-daşyň durkunyň abatlygy, mes topragyň berekediniň artmagy gazanylypdyr. Tebigatyň örüsiniň egsilmegine getirip biljek biperwaý hereketler berk ýazgarylypdyr. Kärizdir guýulary gazmak, jykyrlary we bentleri gurmak tärleri oýlanyşykly özleşdirilip, ekerançylyk meýdanlary giňeldilipdir. Biri beýlekisiniň üstüni ýetirýän ter hem-de ýokumly azyk önümlerinden, maddy we ruhy gymmatlyklardan ýerlikli peýdalanylmagy jemgyýetiň edep-ahlak kadalaryna ornaşdyrylypdyr. Şypaly ösümliklerden dermanlyk serişdeler taýýarlanyp, keselleriň bejeriş-öňüni alyş tejribesi ösdürilipdir. Şeýlelikde, halkymyz tebigatyň abadançylygynyň sagdynlygyň baş şertidigi baradaky çuň garaýyşlary hem-de ony baýlaşdyrmagyň we goramagyň medeniýetini biziň günlerimize ýetiripdir.

Köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak işi tebigy serişdelere paýhasly çemeleşmek bilen baglanyşykly milli adatlaryň we gadymy bagbançylyk däpleriniň döwrebap dowamy bolup, daşky gurşaw bilen jemgyýetiň ysnyşykly gatnaşygyny şertlendirýär. Asylly ýörelgeleri berjaý edip, daragty adam ykbalyna deňän ata-babalarymyzdan miras galan baglara bu gün eýeçilik gözi bilen garalýar. Sahawatly Diýarymyzda üstünden asyrlar aşyran, taryha siňen wakalaryň şaýady bolan, atlary rowaýata öwrülen agaçlaryň ençemesi bar. Nesilden-nesle geçip, halk arasynda giňden ýaýran baglar bilen baglanyşykly ýorgut-yrymlar, baglaryň ady bilen atlandyrylan obalar olaryň täsinliginden we täsirinden habar berýär. Halk döredijiligindäki «Bagym bar, barym bar», «Agaç iýmişinden belli, adam — kylmyşyndan», «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky» ýaly pähimler her bir adam üçin bag ekip idetmegiň sogap işdigini, tebigata hormat goýmagyň we oňa hyzmat etmegiň parzdygyny ündeýär. Akyldar Pyragynyň ene topragyň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygyny, anbar ysly gül-gunçalarynyň göze ýakymlylygyny, ir-iýmişli baglarynyň, çaý-çeşmeleriniň şypalylygyny taryplaýan şygyrlary häzirki we geljekki nesiller üçin ekologiýa ahlaklylygynyň, tebigata dogry çemeleşmäniň egsilmez gollanmasy bolup çykyş edýär.

Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.