Ekologiýa abadançylygy — halkyň bagtyýarlygy

31 Mart 2022
1164

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hemişelik Bitarap Watanymyzda ulag ulgamyny ösdürmek bilen birlikde, adamzadyň sagdyn gurşawy döretmek hakyndaky arzuwlaryny durmuşa geçirmek babatdaky beýik işlerini hem dabaralandyrdy.

Bahar paslynyň dowam edýän günlerinde türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözelliklerini synlap, bu keramatly toprakda doglandygyňa, onuň ajaýyplyklarynyň şaýady bolup ýaşaýandygyňa buýsanjyň goşalanýar. Diýaryňa bolan guwanjyň has-da artýar.

Maýsa KURBANOWA,
Mary welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetirijisi, 2-nji derejeli ýurist.