Ylmy mümkinçilikler we tejribe

23 Mart 2022
1222

XXI asyrda ekoabadançylygy üpjün etmek wezipesi goja Zeminiň dünýä halklarynyň hemmesiniň umumy öýüdigine göz ýetirmegi netijesinde aýratyn möhüm ähmiýete eýe boldy.

Ýurdumyzda iri möçberli tokaý zolaklarynyň döredilmegi, çölleşmä garşy göreş, bioköpdürlüligi saklamak, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de köpsanly beýleki ugurlar boýunça ylmy mümkinçilikleriň we tejribeleriň esasynda giň gerimli işler geçirilýär. Türkmenistan 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmek boýunça halkara gaznasyna başlyklyk etdi. Tebigaty goramak boýunça kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy, uzakda ýerleşýän ilatly ýerleriň gazlaşdyrylmagy, Garagum sährasynyň merkezinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi, öri meýdanlarynyň peýdalanylyşyny kadalaşdyrmak hem-de birnäçe beýleki çäreler ýurdumyzda ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna oňyn täsir etdi.

Rozmeňli HOJAMYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.