Özboluşly zähmet baýramçylygy

23 Mart 2022
1331

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 20-nji martynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ähli ilimiziň agzybirligi, jebisligi bilen ýylyň ýazky ählihalk bag ekmek dabarasy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Ol raýatlarymyzyň köňül küýsegini gandyrýan özboluşly zähmet baýramçylygyna öwrüldi.

Şol gün ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynda hem bu il-ýurt, döwlet ähmiýetli çäre giňden ýaýbaňlandyryldy. Etrabyň merkezi şäheriniň Görelde köçesiniň ugrunda 3 gektar meýdanda bag ekmek çäresine badalga berildi. Oňa etrabyň il sylagly ýaşululary, mährem eneler, edara-kärhanalaryň işgärleri, medeniýet ulgamynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu ýerde saýaly we miweli bag nahallarynyň ýüzlerçe düýbi oturdyldy.

Tahyr TIRKEŞOW,
TMÝG-niň S.Türkmenbaşy etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.