Nebit we gaz pudagynda häzirki zaman ekologiýasy

21 Mart 2022
1190

Türkmenistanda senagat pudaklaryny iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak bilen birlikde daşky gurşawyň howpsuzlygynyň talaplaryna aýratyn üns berilýär. Nebiti gaýtadan işlemek pudagynda daşky gurşaw meselelerini çözmek bu ulgamlar üçin ýokary netijeli, az çykdajyly tehnologiýalary ösdürmegi we ornaşdyrmagy talap edýär.

Nebiti, gazy öndürmekde we gaýtadan işlemekde daşky gurşaw meselelerini çözmekde degişli ugurlar ekologiýa taýdan arassa prosesleri ösdürmek we galyndylary aýyrmak, nebithimiýa pudaklaryndan gaz zyňyndylaryny arassalamak, suwlary nebit we nebit önümleriniň galyndylaryndan arassalamak we ş.m. seredeniňde, Türkmenistanyň nebitgaz toplumy diňe bir ykdysadyýetiň gurluşyny emele getirmän, eýsem, ösüşiniň ähli döwürlerinde esasy orny eýeleýär.

Sona GELDIÝEWA,
«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň kiçi ylmy işgäri.