Ählihalk bag ekmek dabarasy

21 Mart 2022
1151

«7/24.tm», № 12 (95), 21.03.2022.

Ajaýyp zamanamyzda her ýylda Türkmenistanda umumymilli bag ekmek möwsümi geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde emele gelýän uly möçberli gök zolaklar hem onuň netijeleridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 20-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary derejede geçirildi. Bu döwlet derejeli dabara «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň baharynyň ýatdan çykmajak wakalarynyň biri boldy. Ählihalk bag ekmek dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň badalga berendigini bellemelidiris.