Gündogar sebitde ählihalk bag ekişligi bar bolan baglara ideg etmek işleri bilen utgaşdy

20 Mart 2022
1663

Welaýatyň ýaşaýjylary her ýylda bolşy ýaly bu ýyl hem bag ekişlik çäresine ruhubelentlik bilen  goşuldylar. Olar ir säherden bag nahallarynyň köpçülikleýin oturdyljak ýerine geldiler. Welaýat boýunça bu sogaply işe Seýdi — Farap awtoulag ýolunyň ugrunda, Dänew etrabynyň S.Nyýazow daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän giň meýdanda badalga berildi. Bu awtoulag ýolunyň Amyderýanyň üstünden gurlan Seýdi — Farap aralygyndaky awtoulag köprüsi iň bir köp gatnawly geçelge hasaplanýar. Şonuň üçin bu köprä barýan ýoluň gyralaryny baglyga büremek ýaly sogaply işe tutuş welaýatyň ilaty goşuldy. Belentden-belent ýaňlanýan aýdym-sazyň owazy bag ekişlik çäresini zähmet baýramçylygyna öwürdi. Ýaňy durmuş guran il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler, ýaş çatynjalar «Bizden geljekki nesillere ýadygärlik bolsun» diýşip, ençeme düýp agaç nahallaryny oturtdylar. Olaryň göreldesine eýeren tutuş welaýatyň ilatynyň agzybirlikde çeken zähmeti netijesinde ýowar gününde welaýat boýunça jemi 71,5 müň düýp miweli, pürli we saýaly agaç nahallary oturdyldy.

Hudaýberen ABRAÝEW. (Öz habarçymyz).
Surata düşüren Merdan ORAZOW.