Bir nahal ekseň, ýaşyň baky

7 Noýabr 2021
1642

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada nusgalyk işler amala aşyrylýar. Her ýylda ýurdumyzda ýaz we güýz möwsüminde agaç nahallarynyň ekilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlyklaryny nesillere geçirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde «Milli tokaý maksatnamasynyň» çäklerinde ýaşyl zolaklary hem-de tokaý zolaklary döretmek göz öňünde tutulýar.

Berdimyrat HALLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.