Bag — zemine zynat

5 Noýabr 2021
1481

Bag ekmek — sogap iş. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ählihalk bag ekmek dabaralarynda oturdylan baglar berkarar döwletimiziň hut özi ýaly, gününi sanap, boý alýar. Ine, şu gün hem ýüregi «Watan!» diýip telwas edýän ildeşlerimiz şeýle sogaply işe amal edip, uly buýsanç bilen güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşýarlar.

Ýaşyl gurşawy giňeltmek meseleleri häzirki wagtda bütin dünýäniň üns merkezinde saklanýar. Türkmenistan ekologik howplara garşy halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär, olary durmuşa geçirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin öz tekliplerini hödürleýär. Bu babatda milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlary giň goldawa eýe bolýar. Aşgabatda Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak bilen bagly teklipler möhüm ähmiýete eýedir. Hut şu günler bolsa Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde öz işine başlan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça her ýyl geçirilýän maslahatyna türkmen wekiliýetiniň hem gatnaşýandygy aýratyn bellärliklidir.

Gutly GOŞAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.