Ekologiýa abadançylygy

5 Noýabr 2021
1510

Tebigatyň döwlet serhetleri ýok. Bütin dünýäde howanyň üýtgemegi, ozon gatlagynyň zaýalanmagy, çölleşmek howpy, agyz suwunyň ýetmezçilik etmegi, daşky gurşawyň hapalanmagy, ösümlikleriň we haýwanlaryň biologik taýdan köpdürlüliginiň kemelmegi bilen baglanyşykly meseleler hem-de töwekgelçilikler häzirki döwrüň çylşyrymly hem-de möhüm meselesi bolup durýar. Şol meseleleri çözmek diňe dünýäniň ähli ýurtlarynyň jebisleşip gatnaşan mahaly mümkindir.

Daşky gurşawy goramak, amatly ekologiýa ýagdaýy saklamak, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny bagy-bossanlyga büremek meselelerine ilatyň saglygyny berkitmek hem-de immun derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn işiň ähmiýetli, aýrylmaz bölegi hökmünde garalýar.

Aýbölek PERDÄÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.