Eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa sak­gyç

4 Noýabr 2021
1616

Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de daş­ky gur­şa­wy aýaw­ly sak­la­mak, ony go­ra­mak we te­bi­ga­tyň ha­pa­la­nma­gynyň öňü­ni al­mak ug­run­da ta­gal­la­lar edil­ýär. Şeý­le dö­wür­de daş­ky gur­şa­wa zy­ýan ber­me­ýän önüm­le­riň önüm­çi­li­gi barha artýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, te­bi­gat­da dar­ga­ýan sak­gyç öndürildi. Ol agaç şep­bi­gin­den we ary­nyň mu­mun­dan taý­ýar­lan­dy. Bu ba­bat­da de­giş­li iş­le­ri awst­ri­ýa­ly in­no­wa­si­on kom­pa­ni­ýa alyp bar­dy. Ada­ty sak­gyç­la­ryň dü­zü­min­de plas­tik bo­lup, te­bi­gat­da uzak wagt­lap dar­ga­ma­ýar. Kä­ha­lat­da ow­nuk jan­dar­lar we guş­lar ýe­re taş­la­nan sak­gy­jy iýip, heläk bo­lup bil­ýär.

Te­bi­gat­da dar­ga­ýan sak­gyja süý­jet­mek üçin ber­ýo­za şe­ke­ri, hoş­boý ys ber­mek üçin efir ýa­gy goşul­ýar. Ony 4 gör­nüş­de – nar­pyz, ýer­tu­da­na, ar­ça we dal­çyn ta­gam­ly edip taý­ýar­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Şeý­le sak­gyç­lar 3 ýew­ro­dan sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy.