Ata Watanymyz bagy-bossanlyga bürenýär

4 Noýabr 2021
1481

Ýur­du­myz­da 6-njy no­ýabr­da äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy ge­çi­ri­ler. Bu möw­süm­de 15 mil­li­on agaç na­ha­ly­ny oturt­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Prezidentimiziň bi­möç­ber ta­gal­la­sy bi­len ýur­du­my­zyň eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny go­wu­lan­dyr­mak ug­run­da hem uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, in­di en­çe­me ýyl­lar­dan bä­ri her ýy­lyň ba­har-güýz pas­lyn­da köp­çü­lik­le­ýin bag na­hal­la­ry­nyň ekil­me­gi­ne ba­dal­ga be­ril­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da to­kaý zo­lak­la­ry bar­ha kö­pel­ýär, te­bi­ga­ty­myz gö­zel­leş­ýär, ho­wa­myz tä­miz­len­ýär.