Ekologiýa abadançylygy — ählumumy wezipe

4 Noýabr 2021
1386

Metbugatda habar berlişi ýaly, milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli toparynyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň — möhüm halkara forumy bolan 26-njy mejlisine gatnaşmagy ekologiýa diplomatiýamyzy dabaralandyrýan ähmiýetli wakadyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýäniň gün tertibinde durýan meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşmak bilen, bu ugurda sebit we global derejede ägirt uly işleri alyp barýar. Ýurdumyz ekologiýa ugry boýunça halkara konwensiýalaryň hem-de köptaraplaýyn resminamalaryň onlarçasyna goşuldy.

Merjen Ataýewa,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.