Tokaýlar — halkyň baýlygy

14 Sentýabr 2021
1824

Daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň döwlet ekologiýa syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ýaşaýyş abadançylygy üçin bitewi milli ekoulgamy döretmek, tokaý gaznasynyň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, tokaýçylyk ýer gaznasynyň peýdalanylyşynyň gerimini giňeltmek, howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli berjaý etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň tokaý gaznasynyň ýerleri dag eteklerindäki, derýa ýakalaryndaky hem-de sähra giňişliklerindäki tebigy we emeli usullarda köpeldilýän tokaýlyklara bölünýär. Emeli tokaý zolaklarynyň çäklerini giňeltmek işleri yzygiderli häsiýete eýedir. Türkmenistan yklymyň ýurtlarynyň arasynda tokaý gaznasyndaky ekinleriň köpgörnüşliligini artdyrmak, öňdebaryjy ekologiýa medeniýeti boýunça halkara tejribeleri öwrenmek, wagyz etmek, tokaý hojalyklarynyň sanyny köpeltmek, bagçylyk, tokaýçylyk çäreleri boýunça ylmy-barlag we guramaçylyk işlerini kämilleşdirmek we bu umumymilli jemgyýetçilik işlerine ilaty işjeň gatnaşmaga çekmek boýunça ilkinjileriň hatarynda durýar.

Tebigatyň aýrylmaz bölegi bolan tokaýlaryň ýaşyl dünýäsi asman giňişliklerini arassalaýjy janly fabrige, zemin guşaklyklarynyň iň mukaddes gözellikleriniň kerwenbaşysyna meňzedilýär. Ekologiýa ylmynda iň az meýdany 0,5 gektary düzýän, iň az giňligi 3 metre barabar bolan dürli ýaşdaky, inlilikdäki, göwrümdäki, agyrlykdaky agaçlaryň, gyrymsy ösümlikleriň toplumlaýyn örtügini özünde jemleýän biologik dürlüligiň we tebigy gurşawyň düzüm birlikleriniň jemi tokaý çäkleri hökmünde kabul edilýär.

Dädebaý PÄLWANOW,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.