Garaşsyzlyk we Dünýä türkmenleri

7 Sentýabr 2021
893

Şu günler bagtyýar halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň göwünleri ganatlandyrýan ruhy joşgunyny başdan geçirýär. Elbetde, bu toýy mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak, ony guramaçylykly, dabaraly geçirmek üçin elimizden gelen goşandymyzy goşmak her birimiziň watançylyk borjumyz bolup durýar.

Şeýle bolansoň, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ykdysadyýetde, senagatda, oba hojalygynda, medeniýetde we beýleki ugurlarda ýetilen belent sepgitleri, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda açylyp, ulanmaga berlen ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly binalardyr desgalary synlanyňda hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşen agzybir halkymyzyň dünýä nusgalyk beýik işleri bilen baş baýramymyzy mynasyp sowgatly garşylaýandygyny görmek bolýar. Bu gün biz Garaşsyzlykda geçilen ýoly hyýalymyzda janlandyryp, 30 ýylda 300 ýyllyk işiň edilendigine şaýat bolýarys. Çünki diňe bir şu ýylky üstünliklerimiz däl, eýsem, taryh üçin uzak bolmadyk otuz ýyllyk ýolda ýetilen belent sepgitleriň ählisi-de üç onlugy arka atan beýik Garaşsyzlygymyzyň ýubileý toýuna halkymyzyň sowgadydyr.

Döwrangeldi AGALYÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.