Bilim — ösüşleriň özeni

24 Awgust 2021
1073

Adamlaryň ruhy taýdan kämillige, döwletleriň durmuş-ykdysady taýdan ösüşlere tarap ädýän ilkinji ädimi bilimden başlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda milli bilim ulgamyny ösdürmek maksady bilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany we «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklandy. Bu resminamalar, şeýle hem hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy döwrebap bilimli nesliň kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzda mekdep ýaşyna çenli çagalary terbiýelemäge uly üns berilýär. Körpeleriň wagtlarynyň şadyýan hem-de peýdaly geçirmekleri üçin ähli amatlyklary bolan çagalar baglary gurulýar, olarda kompýuter we lingafon otaglary bar. Diýarymyzda mekdepleriň sany hem yzygiderli artýar. Häzirki wagtda mekdepler ylmyň iň täze gazananlary hem-de öňdebaryjy, şol sanda interaktiw-multimediýa we kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilendir. Şol elektron «kömekçileri» ulanmak arkaly interaktiw-multimediýa görnüşinde sapaklary geçirmek netijesinde, bilimiň hili hem ýokarlanýar. Ýurdumyzda rus, iňlis, fransuz, ýapon, koreý, hytaý dillerini, matematika, fizika, biologiýa, himiýa ýaly tebigy we takyk bilimleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdepler hereket edýär.

Ogulnyýaz AMANGELDIÝEWA,
Görogly etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy.