Pyragynyň şygyrlary — halklary ruhy taýdan birleşdirýän dostluk köprüsi

24 Awgust 2021
704

Suratda: Magtymguly Pyraga bagyşlanyp geçirilen çärä gatnaşan türkmen we ukrain halklarynyň wekilleriniň bir topary.

Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherindäki kitaphana elli ýyldan gowrak wagt bäri nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny buýsanç bilen göterýär. Häzirki wagtda bu kitaphana ýerli ýaşaýjylaryň hem-de şäheriň myhmanlarynyň iň söýgüli ýerleriniň birine öwrüldi. Ol diňe bir Kiýewiň medeni we intellektual merkezi bolman, eýsem, türkmen we ukrain halklaryny ruhy taýdan birleşdirýän medeni merkezleriň-de biridir. Şeýlelikde, bu kitaphana Ukrainanyň dürli ýerlerinde ýaşaýan adamlara giňden mälimdir.