Hemişelik Bitaraplyk - parahatçylygyň, dost-doganlygyň dabaralanmasy

24 Awgust 2021
879

Hormatly Prezidentimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» we «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitaplarynda Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygyndan gelip çykýan aýdyň wezipeleri, türkmen Bitaraplygynyň taryhy köklerini çuňňur many-mazmunly pikirleriň üsti bilen giňişleýin beýan edýär.

«Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitapda häzirki döwürde Ýer ýüzünde parahatçylyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagynda medeni gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygy, şeýle gatnaşyklaryň ähli ugurlarda bilelikde ýerine ýetirilýän işlere göwnejaý itergi berjekdigi beýan edilýär.

Akgül ANNASAPAROWA,
Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň gözegçisi.