Güjüm (Hekaýa)

24 Awgust 2021
717

Çagalygym ýadyma düşende, özümi juda bagtly saýýaryn. Bagtly çagalyk süýji ýatlamalar bilen doly bolsa, göwnüň dokunýar. Geçen ömür ýolum ýönekeý bolsa-da, men ondan hoşal, ylaýta-da çagalygymdan.

On-on iki ýaşlarymda kakamdyr atam bir ýumuş buýursa, derrew düňküldäp gidýärdim. Olaryň buýran işini ýerine ýetirdim diýip begenerdim. Ýöne olaryň hyrçyny dişläp, başyny ýaýkanyny görenimde näme üçin beýdýändiklerine üşügim ýetmän: «Men buýrulan işi etdim» diýip, öz ýanymdan monça bolýardym. Emma indi oýlanýan welin, men ol işi olaryň isläniçe berjaý etmändirin. Şonuň üçinem kakam bilen atam maňa işiň kemter ýerine ýetirilenini aýtman, hälki bir başyny ýaýkaýýan ekenler. Ýöne olaryň ýeke gezegem: «Çaga iş buýur, yzyndan özüň ýüwür» diýlen nakyly hüňürdäp aýtmandyklaryna geň galýan. Olar maňa «berekella» aýdardylar-da, uly agamy çagyryp, meniň oragyň gapdalynda ýatan ýüpi goýup gaýdanym üçin ikilenç ugradýardylar. Maňa bolsa dymyp seredýärdiler. Diňe agam ýüpi getirenden soň hüňürdäp: «Oragy alyp, ýüpi alman gaýdypsyň, üşükli bol ahyryn» diýerdi. Men agamyň bu sözlerine kän bir pitiwa etmezdim. Sebäbi kakam ýa-da atam: «Orak bilen ýüpi-de alyp gaýt» diýenoklar ahyryn. Onsoň men buýrulmaýan zady etsem, olar käýärler öýdýärdim. Agamyň yzygiderli igençlerinden bizar bolup başladym. Bir gezek atam: «Köşegim, pylan ýerde duran byçgyny derrewjik getir» diýende, ylgap bardym-da, byçgy bilen bile rendäni-de alyp gaýtdym. Sebäbi byçgynyň ýanynda rende ýatyrdy, ol-da gerek bolar-da onsoň. Atam byçgy bilen bile gelen rendäni görüp, ýuwaşja seslendi:

Şöhrat MÜLKIÝEW,
ýazyjy.