Sanly ykdysadyýet ösüş ýolunda

5 Iýul 2021
896

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan bütin dünýäde ykdysady taýdan ösen döwlet hökmünde ykrar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlary ornaşdyrylýar. Bu ugurda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige hem aýratyn üns berilýär.

Ýurdumyzda sanlylaşdyrmak işi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, üstünlikli alnyp barylýar. Konsepsiýa ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Sanly ykdysadyýete geçilmeginiň täze tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri talap edýändigi göz öňünde tutulyp, ilkinji nobatda bilim ulgamynda sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly hünärmenleriň taýýarlanylmagy esasy wezipe bolup durýar.

Aýna GURBANGYLYJOWA,
Görogly etrap salgyt bölüminiň 1-nji derejeli hünärmeni.