Milli ykdysadyýetimiz döwrebaplaşdyrylýar

5 Iýul 2021
1070

Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden gözbaş alýan giň möçberli maksatnamalar milletimiziň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şundan görnüşi ýaly, amala aşyrylýan tutumly işler ykballara nur çaýýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sazlaşykly hem-de durnukly ösüşi öňde goýlan maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmekde möhüm şert bolup durýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, döwrebap innowasion tehnologiýalara esaslanýan sanly ykdysadyýete geçmek tapgyry amala aşyrylýar. Bu tapgyrda ýurdumyzyň karz edaralarynyň öňünde nagt däl hasaplaşyklary kämilleşdirmek, bank işini doly sanlylaşdyrmak, müşderilere hödürlenýän hyzmatlary döwrebaplaşdyrmak bilen, uzak aralykdan ýokary hilli bank hyzmatlaryny amala aşyrmak, täze bank önümlerini ornaşdyrmak, kartly hasaplaşyklar ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrmak, milli manadymyzyň hümmetini durnukly saklamak, pul toplumyny kadalaşdyrmak we gözegçilikde saklamak ýaly esasy wezipeleriň bardygy aýratyn nygtalmaga degişlidir.