Kämil ulgam rowaç alýar

5 Iýul 2021
1091

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bank ulgamy ösüşlere beslenýär. Bazar gatnaşyklaryna daýanyp, ösüşiň täze belentliklerine barýan milli ykdysadyýetimizi dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň derejesine ýetirmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” hem-de “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” agzalyp geçilen ugurda işleri amal etmegiň kanunçylyk-hukuk binýadyny düzýär.

Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy beýleki ykdysady düzümler bilen bir hatarda bank işiniň hem kämilleşdirilmegini we bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny talap edýär. Bu Konsepsiýanyň esasy maksady ýurduň ykdysadyýetini, şol sanda bank ulgamyny sanlylaşdyrmak bolup durýar. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy ilatyň we hojalyklaryň ösen isleglerini ýokary derejede we doly kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.