Türkmenistanyň energetika ulgamy

30 Iýun 2021
1203

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy has-da golaýlaşýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde asyrlara ýaň saljak tutumly işler, giň möçberli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Eziz Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda düýpli ösüşler gazanylyp, ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny sazlaşykly ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Dünýäniň häzirki zaman ylmynyň soňky gazananlary, kämil tehnologiýalary, sanly ulgamy ýurdumyzyň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrylyp, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Ýurdumyz «Açyk gapylar» syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň dürli döwletleri hem-de dürli ulgamlarda uly tejribä we öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri, abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýýar. Eziz Diýarymyzyň ykdysady we söwda hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklarynyň gerimi yzygiderli giňelýär we täze depgine eýe bolýar, dürli derejelerde aragatnaşyklar işjeňleşýär.

«Esger».