Ýüregi sen ýurdumyň, Ak şäherim Aşgabat!

2 Iýun 2021
1173

Ata Watanymyzyň ýüregi bolan gözel paýtagtymyzyň barha rowaçlyklara, uly üstünliklere beslenýändigi barada buýsanç bilen pikir ýöredeniňde, berkarar Diýarymyzyň ykdysady, medeni, syýasy ösüşleri, halkara giňişliginde gazanýan üstünlikleri, jemgyýetimiziň ýokary medeniýetiniň we ruhy durmuşynyň derejesi, ylym-bilim mümkinçilikleri, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşy has aýdyň duýulýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine we ýurdumyzyň baş şäheriniň gaýtalanmajak keşbiniň döredilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Milli Liderimiz Aşgabady mundan beýläk-de ähli görkezijiler boýunça paýtagtyň ýokary derejesine laýyklykda gurmagyň we abadanlaşdyrmagyň meselelerini berk gözegçilikde saklaýar. Gözel Aşgabat bu gün eşretli durmuşyň berkarar edilen belent derejesini, gurmagyň we döretmegiň kämil gurşawyny, onuň çuň many-mazmunyny äşgär edip, ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Ak şäherimiz Aşgabadyň birnäçe binalary hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hem mynasyp orun aldy.

Oguljan AÝNAZAROWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy.