Lebaply işewürler dünýä bazarynda

31 Maý 2021
1157

Eksporta önüm we haryt ibermäge ymtylýan telekeçileriň sany barha artýar. Içerki bazary zerur bolan önümler we harytlar bilen üpjün edip ugran lebaply telekeçileriň täze bazarlary gözläp başlamaklary olaryň iş tejribeleriniň has artýandygyny, öz işlerinde barha kämilleşýändiklerini aýdyň görkezýär.

Döwlet goldawynyň netijesinde telekeçileriň innowasion tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleri, şol sanda döwrebap ýyladyşhanalar toplumlaryny işledip başlamaklary içerki bazary has baýlaşdyrdy. Bu bolsa daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň öwezini dolýan önümleriň bolçulygyny döretdi, artyk öndürilýän önümleri eksporta ibermek mümkinçiligini giňeltdi. Ýogsa-da Türkmenistan döwletimiziň eksporta niýetlenilen önümçiligi artdyrmagy milli ykdysadyýeti ýokary derejede ösdürmegiň baş strategiýasy hökmünde öňe sürýändigini hem belläp geçeliň.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
žurnalist.