At — sapasy bilen

27 Aprel 2021
1169

Watana wepalylyk, mertlik, batyrlyk, edermenlik ýaly häsiýetler ynsany rowaçlyga, halal baýlyga ýetirýär. Uzak müňýyllyklaryň dowamynda şeýle ynanja uýan halkymyz bu sypatlary türkmen öýüniň esasy alamatlary, baýlyk-genji hasaplanýan gamyşgulak bedewlerinde, gazankelle alabaýlarynda terbiýeläpdirler. Şoňa görä, gapysynda kişňäp duran bedewi, garysyny ýassanyp ýatyşyna gelen-gideniň päl-niýetini duýup bilýän akylly alabaý iti bolan öýi döwletmen hojalyk hasaplapdyrlar. Bu pikirimizi hormatly Prezidentimiziň: «Behişdi ahalteke bedewimiz — baýlygyň hem rowaçlygyň alamaty. Türkmen alabaýy bolsa wepalylygyň tebigy nusgasydyr, batyrlygyň hem-de edermenligiň alamatydyr» diýen jümlesi has-da aýdyňlaşdyrýar.

Parasatly pederlerimiz tarapyndan sünnä döredilen milli miraslarymyzyň goşa genji hasaplanýan behişdi bedewlerimiziň hem-de şirpenje alabaýlarymyzyň şöhraty Gahryman Arkadagymyzyň yhlas-aladasy netijesinde häzirki döwürde bütin Ýer ýüzüne doldy. Bu iki gymmatlygymyzyň hormatyna ilkinji gezek bilelikde geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň täsirinde ýaşaýan günlerimiz kalplarymyzy heýjana salan ýakymly wakalar, täsirliligi bilen uzak ýyllar ýatdan çykmajak pursatlar hakda söhbet etmek gyzykly bolsa gerek. Eger şeýle bolsa, ilki bilen, baýramçylygyň çäklerindäki esasy wakalaryň 16-njy aprelde paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegi bilen badalga alandygyny aýtmak isleýäris. Goşa baýramyň dowamynda geçirilmeli çärelere badalga beren bu mejlisde hormatly Prezidentimiziň çuň manyly çykyşy assosiasiýanyň döredilen gününden bäri geçen on ýylyň dowamynda arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek babatda amala aşyrylan beýik işleri birin-birin göz alnymyzda janlandyrdy. Milli Liderimiziň öz çykyşyndaky: «Şu döwrüň içinde gurama ýurdumyzdan we dünýäniň 36 döwletinden 191 sany ýuridik we fiziki şahs agza bolup durýar» diýen jümlesi bolsa, Ýer ýüzünde ahalteke bedewleriniň we olaryň muşdaklarynyň sanynyň barha artýandygynyň aýdyň mysaly bolup, kalplary joşa getirýär.

Döwrangeldi AGALYÝEW,
«Türkmen dünýäsi».