Soňky 3 ýylda Moldowadan Ýewropa Bileleşigine eksport edilýän oba hojalyk önümleriniň mukdary 3,5 esse artdy. Bu barada ýurduň Ykdysady ösüş we sanlylaşdyrmak ministrligi tarapyndan mälim edildi.
Bellenilişine görä, häzirki wagtda ýurduň umumy eksportynyň hem 65 göterimi Ýewropa Bileleşiginiň paýyna düşýär.