Tatarystan Respublikasy — Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri.
Golaýda Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanowyň ýurdumyzda saparda bolup, Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşmagy hem Tatarystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejededigine şaýatlyk edýär. Şulary nazarda tutmak bilen, gazetimiziň şu sanynda Tatarystan Respublikasynyň ykdysadyýeti bilen okyjylary tanyşdyrmagy makul gördük.