Golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp wakasyna öwrüldi. Uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy Aşgabat — Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr) we Mary — Türkmenabat (288 kilometr) üç tapgyrda amala aşyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan gurluşygy amala aşyrylan bu taslamanyň birinji tapgyry — Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanmaga berildi. Dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi «Altyn nesil» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirildi. Şunda ähli mümkinçilikler göz öňünde tutuldy. Şeýle hem, ýolagçylar üçin döwrebap dynç alyş we hyzmat ediş zolaklary bina edildi.