Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň forumy öz işine başlady
Ýollar yklymlary ýakynlaşdyrýar, ýürekler bolsa ykballary. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Ýollar öz maksatlaryňa tarap ynamly gitmek üçin gerek! Ýollar dostluk hem doganlyk üçin gerek! Hyzmatdaşlyk hem ösüş üçin gerek!» diýip belleýär. Dünýä kartasynyň ýüreginde — çäk taýdan örän amatly ýerde ýerleşýän ata Watanymyz adamzadyň gazanan ösüşlerini Ýer ýüzüniň ähli künjegine eltýän «damary» hasaplanan Beýik Ýüpek ýolunyň hereketlendirijisi, dost-doganlyk merkezi bolmagynda galýar. Türkmenistan sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr hem-de logistik merkez hökmünde dünýädäki ornuny barha pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 15 — 19-njy apreli aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisi ulag ulgamynyň ählumumy ösüşine ýardam edýän hyzmatdaşlygyň täze ýollaryny we usullaryny gözlemek üçin netijeli meýdança bolar.