Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 31 sanysy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Türkiýeden, Ukrainadan, Germaniýadan, Maltadan we Özbegistandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, awiakerosini, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şol sanda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen nah ýüplügi hem-de «Ýowşan» hojalyk jemgyýetiniň buýan kökünden taýýarlanan çaýlary satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 45 million 320 müň 800 amerikan dollaryndan gowrak boldy.