«Xiaomi Life» önümleri umumy häzirkizaman stilinde ýerine ýetiriljek egin-eşikleriň, başgaplaryň, moda aksessuarlarynyň, kürüşgeleriň, ýantorbalaryň ähli görnüşlerini öz içine alar. Käbir harytlar «Xiaominiň» ilkinji elektromobiliniň eýeleri üçin niýetlenen awtomobil aksessuarlary bolar.
Ilkinji önümleriň arasyndan, bahasy takmynan 12 ýewrodan ak ýa-da gara köýnekçäni, polo-köýnekçesini, birnäçe kepkalary we torbalary bellemek bolar. «Xiaomi Life» SU7 bilen gabat gelýän reňklerde birnäçe çaşkalary hödürlär. Oňa emeli deriden ýasalan ýantorba hem goşulýar.