«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024
Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, şol sanda bu ulgamyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen bagly maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu ugurda «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» hem-de beýleki Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary döretmek hakynda» Karara gol çekmegi bu ulgamda möhüm ädimleriň biri boldy. Bu Kararyň baş maksady bu ugurda möhüm wezipeleri çözmekden ybaratdyr. Karar esasynda toparyň düzümi we onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenildi.