2024-nji ýylyň fewral aýynda şweýsar sagatlarynyň eksporty 3,8 göterime çenli azalyp, satuw 2,15 milliard şweýsar frankyna deň boldy. Bu barada Şweýsar sagat senagaty federasiýasy geçen hepdede habar berdi.
Şweýsar sagatlarynyň eksporty dünýäde lýuks harytlaryna, şol sanda göwhere (brillianta) bolan islegiň näderejededigini kesgitlemekde esasy görkeziji bolup durýar.