Bazar bolçulygyna bagyşlanan forum

20 Mart 2024
448

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ykdysadyýetiň hususy böleginiň ornuny ýokarlandyrmakda we hususy telekeçilige ýakyndan ýardam bermekde uly üstünlikler gazanylýar. Şeýlekin yzygiderli goldawyň netijesinde, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli oba hojalygynyň iri kärhanalary, tutuş senagat zolaklary, döwrebap ýyladyşhana toplumlary, önümçiligiň we gaýtadan işlemegiň bitewi ulgamyny öz içine alýan guş toplumlary, maldarçylyk we balykçylyk hojalyklary, bakja ekerançylygy hem-de bagçylyk toplumlary döredildi. Şu işleriň netijesini görmek her bir ynsanyň buýsanjyny goşalandyrýar.

Mart aýynyň 17 — 19-y aralygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergi we maslahat geçirildi. Onda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlarda iş alyp barýan 230-dan gowrak agzasy öz önümlerini hödürledi. Döwlet Baştutanymyzyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, berkarar döwletimizi, bagtyýar döwrümizi, beýik galkynyşlarymyzy arzuw eden akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilen bu giň möçberli sergi milli ykdysadyýetimiziň barha pugtalanýan kuwwatyny, saçaklarymyzyň berekedini, bazarlarymyzyň bolçulygyny açyp görkezýär. Hakykatdan hem sergidäki önümleriň aglabasynyň diňe ýurdumyzda däl, eýsem, daşarky bazarlara eksport edilýän önümlerdigini görmek bolýar. Bu ýagdaý hormatly Prezidentimiziň hususy telekeçiligi ösdürmek babatdaky asylly işleriniň miwesidir.

Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Esger».