Hytaýda port infrastrukturasyny ösdürmek we birnäçe täze demir ýol köprülerini gurmak ýaly 187 taslama üçin serişdeler bölünip berildi. HHR-iň Ulag ministrliginiň bellemegine görä, bu Dalýanyň konteýner dolanyşygyny 12% ýokarlandyrar.
“Dalýan, Amerikanyň, Ýakyn Gündogaryň, Hindistanyň we Päkistana umman ugurlaryny işjeň ýagdaýda açar, bir ýylyň içinde bäş sany täze konteýner ýoluny goşar, şeýle hem deňiz we gury ýollary ulanyp, Hytaýyň-Ýewropanyň täze ugurlaryny döreder. Bu bolsa deňiz we demir ýol intermodal ýük daşamagy 3 göterim ýokarlandyrar, şeýle hem port ýygymlaryny gowulandyrar” – diýlip, Hytaýyň ulag ministrliginde bellenilip geçildi.