Dünýä bazarynda kakaonyň bahasynyň rekord derejä ýetmegi sebäpli, konditer önümlerini öndürijiler ony juda az ýa-da asla ulanmazlyga çalyşýarlar.
Geçen ýyl «Mars» kompaniýasynyň «Galaxy» şokoladynyň bahasyny arzanlatmazdan, agramyny 10 gram azaltmagy britaniýaly alyjylary gaty geňirgendiripdi. Emma kakao satýan telekeçiler uly möçberde şokolad öndürýän kompaniýalaryň mejbury ýagdaýda şeýle ädim ätjekdigine garaşypdylar.