Milli ykdysadyýetimiz strategik maksatlar esasynda uly üstünliklere eýe bolýar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň uzak möhletli ösüş strategiýasynyň baş maksadynyň ykdysady ösüşi üpjün etmek bolup durýandygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz, hususan-da, dünýä ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän, özgerýän, üýtgäp duran we täze wehimleriň ýüze çykýan häzirki şertlerinde munuň aýratyn ähmiýetlidigini bellemek bilen, şunda oýlanyşykly ölçenen syýasy garaýşyň, anyk maksatly dolandyryş çözgütleriniň, hasaplanylyp taýýarlanan meýilnamalaryň depginli ösüşiň esasy şerti bolup durýandygyny belledi.