Ilhalar önümleriň bolçulygy

21 Fewral 2024
529

Häzirki döwürde islendik wagt bazara ýa-da dükana barsaň, dürli görnüşli çörek we çörek önümleriniň uzyn tekjelere bezeg berip, täzeligi, ýakymlylygy bilen ünsi çekýändigini görmek bolýar. Söwda merkezlerine gelen adamlar bolsa öz göwün isleglerine görä olary saýlap alýarlar. Şonda hyrydarlaryň arasynda olary öndürijileriň salgylary, beýleki maglumatlary bilen gyzyklanýanlar hem az däl. Elbetde, şeýle önümleri öndürýän döwlet we telekeçilik kärhanalarynyň barha köpelýän, önümleriniň hili, görnüşleri boýunça bazar gatnaşyklarynyň şertlerinde özara bäsleşýän döwründe adaty ýagdaýa öwrülen bu wakalaryň bereket-bolçulygyň nyşany hökmünde hemmeleriň kalbynda guwanç duýgusyny döredýändigi hakykatdyr.

Halkymyzyň mukaddeslik hasaplaýan çöregini, çörek önümlerini bol öndürmek ugrunda hereket edip, oňat netijeleri gazanýan, hil hem-de görnüş bäsleşiklerinde öz mynasyp ornuny tapýan şeýle kärhanalar welaýatymyzda-da az däl. «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Daşoguz çörek kärhanasy hem şolaryň hataryndadyr. Bu ýerde öndürilýän çörek we çörek önümleri hakynda soňky ýyllarda ilat arasynda öwgüli sözleri-de häli-şindi eşitmek bolýar.

Ýörite habarçymyz.